Öý hojalyk önümleriniň we durmuş elektronikasynyň 20-nji halkara sergisi geçirilýär!

2023-nji ýylyň 14-17-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän «Atakent» sergi merkezinde «Central Asia Houseware» atly öý hojalyk önümleriniň we durmuş elektronikasynyň 20-nji halkara sergisi geçiriler. Bu sergä gatnaşmak üçin türkmen telekeçileri hem çagyryldy.

Serginiň esasy maksady şol bir ugurda iş alyp barýan hünärmenler üçin köpugurly işewürlik platformasyny döretmek bolup durýar.

Şeýle hem sergi oňa gatnaşyjylara öz önümlerini görkezmäge, täze işewürlik gatnaşyklary gurmaga, eksport-import şertnamalary baglaşmaga, bazary we bäsdeşlige ukyplylygy öwrenmäge hem-de Merkezi Aziýa bazarynda işewürlik döretmäge amatly şert döreder.

Sergi dünýäniň dürli künjeginden öndürijileri we distribýutorlary bir ýere jemläp, onuň dowamynda gap-gaç önümleri, öý tehnologiýalary, öý goşlary, plastmassa önümleri we sowgatlyk önümler ýaýbaňlandyrylar.

Jennet TOÝLYBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok