Diňe iňlis dili barada..

  • Internet maglumatlaryna görä, dünýä boýunça ugradylýan poçtalaryň 75 göterimi, telefon jaňlarynyň 60 göterimi iňlis dilinde, 400 milliondan gowrak ýerli ilat iňlis dilinde gürleýär.
  • Iňlis dili Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Täze Zelandiýanyň, Irlandiýanyň, Günorta Amerikanyň resmi dili we Kanadanyň resmi dilleriniň biri. Hindistanyň, Pakistanyň, Singapuryň we beýleki birnäçe ýurduň ikinji dili.
  • Häzirki wagtda ýerli däl iňlis dilinde gürleýänleriň sany 1,5 milliard töweregidir. Munuň özi iňlis diliniň, hakykatdan-da, dünýäde giňden ulanylýan dile öwrülýändigini görkezýär.
  • Iňlis we amerikan şiweleri dünýäde iň köp ýaýran şiwelerdir. Bu şiweleriň ýene-de ýigrimiden gowragy bar. Bu ýerde ünsüňi çekýän zat, şol bir dili ulanýandyklaryna garamazdan, dürli şiwelerde gürleýän adamlaryň biri-birine düşünip bilmeýän pursatlary az däl.
  • Iňlis dilinde gürleýänler, çaklamalara görä, XV asyra çenli dyngy belgilerini ulanmandyrlar.
  • Iňlis dili dünýäde iň meşhur we öwrenilmäge uly höwes bildirilýän dildir. Iňlis dili dünýäde meşhur dilleriň sanawynda üçünji ýerde durýar.
  • Iňlis dili internetiň dili hasaplanýar. Internet maglumatlarynyň 80 göterimi iňlis dilindedir.
  • Iňlis diliniň sözlerinde «e» iň köp duşýan harpdyr. Eger ähli iňlis sözlerini hasaba alsaň, onuň 11 göterimini «e» harpy eýeleýär.

Enejan ALLAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok