Ýitirilen deňiz siwilizasiýasyna degişli 7 müň ýyllyk ýol tapyldy

Golaýda, gözlegçiler 7 müň ýyllyk gadymy ýoluň üstünden bardylar. Suwuň aşagyndaky ýoluň neolit eýýamynyň adamlary tarapyndan ulanylandygyny mälim edilýär.

Arheologlar bu ýoluň gadymyýetde emeli gury ýer bilen Horwatiýanyň Korula adasyny birleşdirendigini aýdýarlar. Bu suwasty ýol täze daş asyry döwründe bu sebitde ornaşan «Hvar» ady bilen ýitirilen deňiz siwilizasiýasyna degişli bolup durýar.

 Bu ugurda gözleg geçiren Zadar uniwersitetiniň arheologiýa bölüminiň arheologlary günbatarda Gradina aýlagynda takmynan 4,5 metr çuňlukda «geň desgalaryň» bardygyny görüpdirler.

Alymlar yzygiderli daşlar bilen gurlan we diametri takmynan 3,6 metre barabar suwasty ýoluň täze wideo şekillerini almagy başardylar.

Suwasty ýoluň ugrundaky ýadygärlikleriň arasynda çybykdan, daş paltalardan we degirmen daşlaryndan ýasalan pyçaklar hem tapyldy. Tapylan 7 müň ýyllyk ýol Adriatik deňziniň demirgazyk-gündogaryndaky adalarda we kenarlarda mesgen tutan syrly «Hvar» halklarynyň geçmişini açdy.

Gunça AKYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok