Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halyçylyk sungatymyz ýokary derejede ösdürilýär we tutuş dünýä ýüzüne ýaýylýar. Häzirki wagtda milli halyçylyk senedimiziň has kämilleşen täze nusgalary döredilýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünärinden, irginsiz zähmetinden kemala gelen halylarymyzy synlanyňda, milliligimize, medeniýetimize bolan buýsanjyň artýar. Nepis halylarymyz hem haly önümlerimiz tutuş dünýä medeniýetinde, tutuş adamzat gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Milli halyçylyk sungatymyz daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerine gatnaşyp, milletimiziň at-abraýyny belende göterýär we ýokary sylaga mynasyp bolýar. Haly hem haly önümleri mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň gudratyndan, ýürek mährinden, süýji arzuw-hyýallaryndan kemala gelýän çeper hem-de nepis sungat. Şol beýik gudratdan döreýän halylarymyz dabaraly toýlarymyzy, bereketli ojaklarymyzy bezeýär, bagtyýar, täze Galkynyşly döwrümize özboluşly öwüşgin çaýýar. Gadymy türkmen halylary asyrlaryň dowamynda kämilleşip, sungat derejesinde ýetipdir. Haly nagyşlaryna halkymyzyň däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuşy hakynda rowaýata öwrülen parasatly pikirler siňendir. Türkmen halylary bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary daşary ýurtly alymlar hem alyp barypdyrlar, bu häzir hem dowam edýär. Türkmen halylarynyň çeperçiligi, kämilligi we nagyşlarynyň nepisligi milletimiziň ruhy dünýäsiniň, döredijilik zehininiň ýokarydygyndan habar berýär. Milli medeniýetiň we sungatyň gadymy ojagy bolan eziz diýarymyz gadymy hem milli gymmatlyklara baý mekan. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda milli halyçylyk sungatymyza uly sarpa goýulýar, ökde halyçylara hormatly atlary dakylýar. Munuň özi, ajaýyp we gadymy senedimize bolan belent sarpany alamatlandyrýar. Milli medeniýetimizi, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda we aýawly saklamakda uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.
Arzuw SEÝITJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler