Täzeçil ugur – döwrebap işjeňlik

Türkmenistan ýurdumyzda ähli ugurlaryň kämilleşdirilmegine, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Sanly ulgamyň giňden ornaşmagy netijesinde bolsa täze-täze mümkinçilikler açylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňişleýin ornaşdyrmak wajyp gural bolup çykyş edýär. Täze maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy oňyn netijelilige täsir ýetirýär. Sanlylaşdyrmagyň çäklerinde elektron toruny döretmek, elektron resminama dolanyşygyna geçmek, maglumatlary işläp taýýarlamagyň elektron görnüşlerini ornaşdyrmak möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Sanly ulgam döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini üpjün edýär, täzeçe usullary döredýär. Munuň özi elektron hyzmaty wagtynda ýerine ýetirmäge, wagty tygşytlamaga, pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyny amatly görnüşe getirmäge ýardam edýär. Täzeçil usullaryň, kämil maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde işleriň we hyzmatlaryň netijeliligi ýokarlanýar. Degişli ugurlary maglumatlar bilen üpjün etmegiň çäklerinde elektron toruny döretmek, elektron resminama dolanyşygyna, maglumatlary işläp taýýarlamagyň elektron görnüşlerine geçmek ýaly çäreler alnyp barylýar. Innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, sanly ulgam arkaly dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Häzirki döwürde milli ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen halk hojalygyny dolandyrmagyň hili we netijeliligi ýokarlandyrylýar, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygy amal edilýär. Bu bolsa elektron senagaty ösdürmek, sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalar arkaly elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipelerini üpjün edýär.

Gözel SAPARBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok