Taryhda ilkinji goşar sagadyny öndüren marka: «Patek Philippe»

Polşaly immigrant Antoine Norbert de Patek 1868-nji ýylda dünýäde ilkinji bolup goşar sagadyny ýasady. Patek ilki bilen özi ýaly immigrant ussa bolan çeh Franciszek Czapek bilen ýola çykýar. Şeýle-de bolsa, bu iki ussa bäş ýyldan soň ýollaryny aýyrýarlar. Ondan soň Patek şol wagtlar aýratyn açar sokmak bilen işledilýän sagatlar üçin mehanizmi oýlap tapyjy fransuz Jean Adrien Philippe bilen hyzmatdaşlyga başlaýar.

1851-nji ýylda bu hyzmatdaşlyk resmi taýdan «Patek Philippe & Cie» şereketiniň döremegine sebäp bolýar. Şol döwürler şereket öz öndürýän sagatlarynda zenan äheňlerine uly üns berensoň, olaryň zenan müşderisi köp bolupdyr.

1868-nji ýylda şereket bilege dakylýan ilkinji zenan sagady öndürýär. Olaryň ilkinji müşderisi bolsa wengriýaly graf aýal Kontes Koscowitz bolýar.

Ýöne näme üçindir, Patek we Philippe şol wagtlar erkekler üçin sagat öndürmek hakda pikir etmändirler.

Ýazgül MERETGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok