Aý näme üçin Ýerden ýylda 4 sm töweregi daşlaşýar?

Aý bir wagtlar Ýere häzirki döwürden has ýakyndy. Gynansak-da, Aý her ýyl takmynan 4 sm töweregi bizden daşlaşýar. Munuň sebäbi nämekä?

Mälim bolşy ýaly, Aý Ýer ýüzündäki dartyş güýjünden peýdalanýar. Bu dartyş güýji ummanyň suwlarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Biz muny «tolkun» hökmünde bilýäris.

Suwlar ýokarlansa Dünýä suwuň astynda galýar. Suwuň ýokarlanmagy bilen onuň töwereginde aýlanýan Ýeriň arasynda sürtülme güýji ýüze çykýar. Bu sürtülme güýji Ýeriň aýlanma tizliginiň haýallamagyna sebäp bolýar.

Bu haýallama gaty az bolsa-da, ölçenilip bilindi. Bu haýallama sebäpli Aý her ýyl Ýerden takmynan 4 sm uzaklaşýar.

Bu ýagdaý hemişe dowam edip durarmy?

Elbetde, ýok. Ýer belli bir derejede haýallamagyny dowam etdirse, belli bir wagt Aýyň orbita tizliginde aýlanmaga başlar. Bu ýagdaýda Dünýä bilen Aýyň arasynda deňagramlylyk bolar we Aý mundan beýläk ýerden uzaklaşmaz.

Toýgeldi TÄÇMÄMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok