Milli mirasymyz – ebedi gymmatlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalanýar. Mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň döredýän el işlerine uly hormat goýulýar. Şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz özüniň baýlygy hem-de gadymy kökleri halkymyzyň millilik ýörelgelerinde jemlenen. Milletimiziň maddy gymmatlyklary, ruhy dünýäsi olarda aýdyň şöhlelenýär. Merdana ata-babalarymyzyň, paýhasly ene-mamalarymyzyň bize miras goýan amaly-haşam, keşdeçilik, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, külalçylyk, binagärçilik, zergärçilik sungaty milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Hünärli elleriň çeperçiliginden syzylyp çykan şol gymmatlyklarymyz biziň ebedi baýlygymyzdyr. Çünki bu gymmatlyklara halkymyzyň kalbynyň nury, hünärli elleriniň irginsiz zähmeti siňendir. Häzirki wagtda bu millilik ýörelgelerimiziň mynasyp derejede dowam etdirilmegi köňüllerimizi çäksiz buýsanja besleýär. Zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp keşdelerini, gülli joraplaryny, owadan tahýalaryny, çyrpydyr kürtesini, köz ýaly lowurdap duran ketenisini synlap, kalbyň heýjana gelýär. Olaryň her biriniň gelip çykyşy, döreýşi barada halk aýtgylary, rowaýatlar bar. Zenanlarymyzyň döredýän el işlerine olaryň ýüreginiň mähri, päkligi, gözelligi, näzikligi, arzuw-hyýallary siňipdir. Şonuň üçin hem, bu ajaýyp el işleri hiç wagt gymmatyny ýitirmejek gözellige, nepislige öwrülipdir. Halkymyzyň bu gymmatly mirasy arkama-arka, nesilden-nesle geçip, şu günki günlerimize gelip ýetip, barha kämilleşýär. Ene-mamalarymyz el işlerini eýýäm çagalykdan başlap her bir gyz maşgalasyna öwredipdirler, dürli maslahatlary, nesihatlary beripdirler. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan kemala getirilýän ajaýyp keşdedir gaýmanyň, basmadyr köjümäniň gözelligine tutuş älem haýran. Biziň türkmen zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri, kalplarynyň nury, mähri siňen keşdeler milliligimiziň, ebedi gymmatlyklarymyzyň bir parçasy. Ol tutuş dünýä ýüzünde uly sarpadan, hormatdan peýdalanýar. Çünki häzirki wagtda türkmen keşdeçilik sungatymyz halkara derejesinde ykrar edilen gymmatlyk hökmünde bu gün barha hem gülläp ösýär, täze döwrüň milli äheňi bolup köňüllere buýsanç hem söýgi paýlaýar.

Leýla SERDAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok