Öz ölüm gününi hasaplan meşhur matematik: Abraham de Moivre

Fransuz matematigi Abraham de Moivre öz ölüm gününi hasaplady we ony 1754-nji ýylyň 27-nji noýabry hökmünde kesgitledi. Meşhur matematik edil şol gün hem aradan çykdy.

Abraham de Moivre, Fransiýada bir protestant maşgalasynda dünýä indi we çagalygynda matematika bilen tanyşdy, şol döwürde dünýäde ýeke-täk ähtimallyk kitaby bolan Gollandiýaly matematik Christiaan Huygens tarapyndan ýazylan «Ratioci niis in ludo aleae» kitabyny okamak bilen matematika bilen tanyşdy.

Bu kitapdan haýran galan De Moivre ömrüni matematik bilen geçirmegi ýüregine düwdi we beýleki ugurlarda işlemegini dowam etdirse-de ähtimallyk bilen gyzyklandy. Ol öz döwründe Angliýada ýaşap baýlaryň çagalaryna hususy matematika sapaklaryny berdi.

Meşhur matematik ýaşy ýokarlandygyça agyr ýadawlyk sebäpli ukusynyň her gün takmynan 15 minut artýandygyna göz ýetiripdir. Ähtimallyk we statistika bilen gyzyklanýandygy üçin Abraham de Moivre öz ölüm gününi hasaplamak bilen bagly derňewlere girişýär. Netijede, özüniň ortaça ölüm wagtyny ýüze çykarypdyr (1754-nji ýylyň 27-nji noýabry). Fransuz matematik öz hasaplamalaryndan 2-3 aý soň hakykatdanam hem öz aýdan güni, ýagny 1754-nji ýylyň 27-nji noýabrynda aradan çykypdyr.

Selim GARAÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok