Kämilligiň hem ösüşiň gözbaşy

Eziz ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda sanly ulgamy ösdürmek we täzeçil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Çünki maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, akylly serişdeleri çalt depginde özgerýän jemgyýetiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Milli ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda, sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşykly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Bu ugur boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, zerur bolan maddy-tehniki binýadyň üpjün edilmegi arkaly sanly ulgamyň ösüşi gazanylýar. Häzirki döwürde bilim ulgamyny ösdürmek bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, döwrüň häzirki zaman talaplaryna, innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlaryna laýyklykda, ussat ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde sanly hyzmatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, obalaryň, şäherçeleriň, etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmekligiň çäklerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň ýokary depginde alnyp barylmagy döwrebap ösüşleriň wajyp şerti bolup çykyş edýär. Milli ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen halk hojalygyny dolandyrmagyň hili we netijeliligi ýokarlandyrylýar, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilýär. Bu bolsa elektron senagaty ösdürmek, sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalar arkaly elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňetmek wezipelerini ileri tutýar. Bu hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegini, hünärmenleriň bilim derejesiniň kämilleşdirilmegini talap edýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge uly üns berilmegi netijesinde ýaşlaryň dünýäniň abraýly okuw mekdeplerinde okamaklary üçin şertleri döredilýär, ýurdumyzda bilim berlişiniň hili halkara derejesine çykýar. Netijede, eziz ýurdumyz Türkmenistan ösüşleriň aýdyň ýolunda ynamly öňe barýar. 

Ejegül NURGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok