Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýadaky täç geýdirmek dabarasyna gatnaşýar!

5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentini Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Britaniýa ilkinji sapary bolup durýar.

Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusia Uaýld bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşliginde dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlyga hil taýdan täze many-mazmun bermäge ygrarlydyklaryna aýratyn üns çekildi.

Ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýlandygyny nygtamak gerek. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabrynda geçirilen 50-nji sessiýasynda kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

…Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary London şäheriniň «Stansted» Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň ýörite wekili Çarlz Anderson, ýurduň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda özi üçin niýetlenen kaşaň «The Biltmore Mayfair» myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhana tarap ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Bukingem köşgüne tarap ugrady.

Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Bukingem köşgüniň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli resmi kabul edişligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Öz gezeginde, Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de ilerlediljekdigini belläp, döwlet Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Bu çäre tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Britaniýa iş sapary dowam edýär.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok