«Milli mirasymyzy goramakda ýaşlaryň orny» atly online okuw sapagy geçirildi

Ýaňy ýakynda ÝUNESKO-nyñ işleri baradaky  Türkmenistanyñ milli toparynyñ Sekretariaýatynyñ wekilleriniñ,  Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ , Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ merkezi geñeşiniñ guramagynda şeýle hem Türkmenistanyñ ähli ýokary okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ gatnaşmagynda ,,Milli mirasymyzy goramakda ýaşlaryñ oruny” atly göni widio aragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi.Bu okuw sapagynda Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli  dünýä dilleri institutynyň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy ,,Parahatçylyk dilleri “atly ÝUNESKO klubynyñ ýolbaşçysy  Ogulsabyr  Berdiýewa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ  Etngorafiýa we etnologiýa  kafedrasynyñ  uly mugallymy, YUNESKO- nyñ  kafedrasynyñ   agzazy Aýna Gurbangulyýewa çykyş etdiler.  Bu okuw sapagyna Türkmen Döwlet medeniyet institutynyň  talyplary hem işjeñ gatnaşdylar.

Okuw sapagynda ýurdumyzyñ  ýokary okuw jaýlarynda   talyp ýaşlary ählumumy gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde YUNESKO klublarynyñ  döredilmeginiň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.

Kadyrmyrat Öwezgylyjow,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok