Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi!

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Mejlisiň barşynda, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň dört aýynda geçirilen işleriň jemleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gullugy we mynasyp durmuşy üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu düzüm tarapyndan ýerine ýetirilýän uly ähmiýetli wezipä, hususan-da, ähli goňşy döwletler bilen dost-doganlyk serhedi bolup durýan Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi. Bu edaranyň düzüm böleklerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, harby gullukçylaryň durmuş goraglylygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Gündelik gulluk işlerinde iň täze maglumat-tehniki serişdeleriň, ýaş serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagynyň zerurdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy düzümiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok