Häzirki wagtda ýurdumyzda teatr işgärleriniñ, ýaş artistleriñ zehin başarnygyny kämilleşdirmek, bu ugurdan has zehinli artistleri aktyorlary ýüze çykarmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler şeýlede okuw maslahatlary geçirilýär. Muña bolsa şu ýylyñ 26-28-nji apreli aralygynda geçirilen Russiýa Fedarasiýasynyñ Milli drama teatrynyñ hünärmenleriniñ gatnaşmagynda ýurdumyzyñ teatr sungatynyñ wekilleri üçin «Milli teatr mekdebi» atly hünär derejesini kämilleşdiriş okuw maslahaty hem aýdyñ şaýatlyk edýär.
Maslahat iki ugur: aktýoryñ ussatlygy we teatr dolandyryş ugry boýunça Türkmenistanyñ Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda, şeýle-de biziñ Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda dowam etdi. 28-nji aprelde bolsa ýurdumyzyñ Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda bu okuw maslahatyna işjeñ gatnaşan mugallymlarymyza hem-de talyplarymyza ýörite sertifikatlar gowşuryldy. Elbetde bu geçirilen okuw maslahaty hem mugallymlarymyzyñ hem-de teatr sungatynyñ aşygy bolan ýaş talyplarymyzyñ hünär derejesini hasda kämilleşdirmekde aýratyn goşandyny goşsa gerek.
Amangeldiýew Guwançmyrat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Teswirler