Türkmen alymlary Magtymguly Pyragy barada täze taryhy maglumatlary gözleýärler!

Türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, giň gerimli taýýarlyk işleriniň görülýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary türkmen halkynyň beýik ogly Magtymgulynyň Pyragynyň ömri we döredijiligi barada şeýle-de şahyryň golýazmalary baradaky taryhy maglumatlary gözlemäge başladylar.

Şu maksat bilen, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň kitaphanalarynda hem-de golýazma gorlarynda saklanylýan türkmen halkynyň edebiýaty we taryhy boýunça çeşmeler bilen tanyşdylar we anyklamak üçin, 2023-nji ýylyň 23-nji aprelinden 12-nji maýyna baş maksady golýazmalary, mikrofilmleri we eserleriň elektron nusgalaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky taryhy maglumatlary Türkmenistana ibermek üçin «Ylmy düşündiriş we gözegçilik» bölüminiň işgärleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Meýlis Jeparow we Gurbangeldi Nazarow Daşkent, Samarkand we Buhara şäherlerine ugradyldylar.

Mundan öň institutyň «Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri» we «Tekstologiýa we medeni miras» bölümleriniň alymlary Russiýanyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde ylmy-döredijilik işgärleri bilen Olar Russiýanyň kitaphanalarynda hem-de golýazma gorlarynda saklanylýan türkmen halkynyň edebiýaty we taryhy boýunça çeşmeler bilen tanyşdyrlar Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy, Şeýle hem Russiýanyň meşhur alymlary – taryhçylar we gündogar alymlary, kitaphanalar we muzeý hünärmenleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

Eziz GURBANKLYÇEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok