Emeli aň indi adamlaryň pikirlerini hem okap başlady!

Tehnologiýa pikir edişimizden has çalt ösýär. Netijede bolsa mümkin däl zatlar hem mümkin bolýar we bizi haýran galdyrýar. Alymlar emeli aňdan peýdalanyp adamyň pikirini tekste öwrüp bilýän ulgamy oýlap tapdylar. Ulgam adama ünsli seredip onuň pikir edýän we göz öňüne getirýän zatlaryny tekste öwürýär. Munuň üçin emeli aň tehnologiýasy adam beýnisiniň işjeňligini yzarlaýar.

ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň gözlegçileri tarapyndan işlenip düzülen ulgam ysmaz sebäpli gürlemek we aragatnaşyk gurmak ukybyny ýitiren adamlara ýardam berer.

Gözlegçiler gözleg işine gatnaşan adamlardan diňe bir zady göz öňüne getirmegi haýyş etdiler. Bu aralykda, gatnaşyjylaryň beýnisiniň işi funksional magnit-rezonans tomografiýa (fMRI) enjamy arkaly okaldy. Soňra beýni tolkunlary emeli aň guraly bilen tekste öwrüldi. Şeýlelik bilen kod okaýjy ulgam peýda boldy we enjam ulanyjynyň beýniniň işjeňliginden degişli tekst döredip başlady.

Eziz AMANNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok