Magtymguly – mukaddeslik mekdebiniň mugallymy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde esasy özen, hakyky jöwhermaýa hasaplaýar. Magtymguly Pyragy terbiýe meselesinde watançylyk terbiýesini ilkinji nobatda goýýar.

Magtymguly Pyragynyň keşbi alnymyzda mertligi, batyrlygy, ene topragy, söýgini wasp eden hyjuwly şahyr hökmünde hemişe belentde dur. Bu bolsa akyldar şahyrymyzyň goşgularynda umumadamzat derejeli gymmatlyklary ussatlyk bilen beýan edendigini alamatlandyrýar.

Magtymgulynyň döredijiligini nurlandyryp duran esasy aýratynlyklarynyň biri watançylyk temasyndan döreden şygyrlarydyr. Ol ilini, ýurduny, ene topragynyň ezizligini, mährem-mukaddesligini çeper sözüň güýji, nepisligi bilen ynsan aňyna guýmagy başarýan deňsiz-taýsyz eserleri döredipdir.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi asyrlaryň dowamynda türkmen halkyny hem-de milli edebiýatymyzy şöhratlandyryp gelýär. Beýik akyldaryň şygyrlary diňe bir türkmen durmuşynda däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň edebiýatynda hem uly orny eýeleýän paýhaslar hazynasy mysalydyr. Çünki Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar, olardan islendik meseläniň çözgüdini tapyp bolýar.

Akyldar şahyryň goşgularynda adamzat ýaşaýşynyň, durmuşyň ähli taraplary beýan edilýär. Olar wagtyňy halal işlere sarp edip, gaýgy-hasratlara ýol bermezligi, ömrüňi haýyrly işlere bagyşlamagy ündeýär. Magtymgulynyň öz zamanasynda halka ýaýan pelsepewi garaýyşlary, eden wesýetleri il-güne bolan çäksiz söýgini şöhlelendirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy, sungatymyzy öwrenip, asyrlar aşyp, biziň günlerimize ýeten naýbaşy gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek ugrunda bimöçber işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Ogulsuraý SEÝITGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok