Edep-ekram bilen baglanyşykly yrymlar

– Nahar başynda ýaramaz, ýakymsyz zatlar barada gürrüň etmeli dälmiş. Allatagalanyň hoşuna gelmezmiş.

– Metjide gireniňde sag aýagyň bilen girmek, çykanyňda çep aýagyň bilen çykmak Allatagala hormat-sylag etdigiňdir.

– Nahar iýmeklikde nobat ulularyňkydyr. Suw içmeklikde nobat kiçiniňkidir.

– Derýanyň köprüsinden geçeniňde ýagşy dilegler etmeli. Derýalar Hydyr görendirler, şonuň üçin hem dilegleriň kabul bolarmyş.

– Pyçagy birine uzadanyňda sap tarapy bilen uzatmalymyş. Perişdeler gorkarmyş.

– Suwa tüýkürmeklik külli günä, «döwletiň gaýdar» diýilýär.

– Özüňi öwmeklerinden lezzet almaklyk Allatagalany sylamadygyň bolarmyş.

– Azap siňen zat ýaramaz-da bolsa, oňa aýawly çemeleşmek, hormatlamak ynsanyň borjudyr. Şeýle etmedik adam gowulyga garaşmaly däldir.

Toplan: Merjen AGAÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok