Adamy – durmuş, şahsyýeti – taryh terbiýeleýär.
* * *
Edebiň başy-da öz-özüň öňünde edepli bolmakdyr.
* * *
Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur.
* * *
Edep – bergidir. Ahlaklylyk – beglikdir.
* * *
Öwüt däl, görelde bilen terbiýele!
* * *
Edep ýok ýerinde adamy-da gözläp oturmaň!
* * *
Perzendiň terbiýesini öz terbiýäňden başla!
* * *
Edep ýok ýerinde ylym bolmaz.
* * *
Ylmyň netijesi – terbiýedir.
* * *
Mirasyň ýagşysy edepdir.
Şirin AGAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby.
Teswirler