Türkmen işewürleri halkara sergä gatnaşdylar

Golaýda, (17 — 20-nji aprelde) Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherindäki Bütindünýä sergi merkezinde «Chinaplas» ady bilen plastmassa we polimer önümçiligi boýunça halkara sergi geçirildi. Sergä 150-ä golaý döwletden 50 müňe golaý işewür, şol sanda türkmen telekeçileriniň hem onlarçasy gatnaşdy. Sergä gatnaşan türkmen işewürleri plastmassa we polimer önümleri boýunça dünýäniň iň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldular.

Geçirilen halkara sergide 18 sany bölümde müňlerçe görnüşli täze önümleriň mysalynda plastmassa we polimer önümçiliginiň ýeten sepgitleri, geljekki gözýetimleri tanyşdyryldy. Sergä gatnaşyjylara degişli ugurdaky döwrebap innowasiýalar, maşyngurluşykda ulanylýan dürli düzüm bölekleri hem-de ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary, plastmassa we polimer zibillerini gaýtadan işlemek, olary arassalamak, zyýansyzlandyrmak hem-de täzeden ulanmak babatda gazanylan häzirki zaman tejribeleri görkezildi.

Türkmen telekeçileri halkara sergide görkezilen häzirki zaman tejribeler bilen ýakyndan tanyş bolup, bu innowasiýalarydyr önümleri ýurdumyzda ulanmagyň mümkinçilikleri, Türkmenistanda plastmassa we polimer senagatyny ösdürmek üçin esasy üns berilmeli ugurlar barada öňdebaryjy bilermenler bilen pikir alyşdylar.

Begsoltan ÇARYÝARGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok