Goşasakar – «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu şanly waka Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralarynyň ajaýyp pursatlarynyň biri boldy.

Deslapky tapgyrlarda Aşgabatdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ahalteke tohum atlarynyň saýlanyp alnan iň oňat wekilleriniň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykaryldy. Şol atlaryň her biri eminleriň öňünden iki gezek geçirildi. Birinji gezekde bedewler meýdança bezegsiz görnüşde, ikinji gezekde bolsa şaý-sepler bilen doly bezelen we halyça arkaly eýerlenen görnüşde geldiler.

Gözden geçirilişiň dowamynda her bir at ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we köpçülige görkezildi. Sebäbi jemleýji tapgyra çykan atlaryň hemmesi ol ýa-da beýleki meşhur nesil ugruny dowam edýär. Bäsleşigiň jemleri jemlenende, abraýly emin agzalarynyň çözgüdi netijesinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Goşasakar diýen gyr reňkli aty 2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi hökmünde ykrar edildi.

2015-nji ýylda doglan ajaýyp bedew Garaşsyz we Sülgün diýen atlaryň nesli bolup, ol şöhratly Gyrsakaryň ugruna degişlidir. Onuň seýsi Atçapar Bajamowa hormatly Prezidentimiziň adyndan baş baýrak — «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Güljahan GURBANDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok