Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda sergi bäsleşigi geçirildi. Oňa döredijilik bilen meşgullanýan hünärmenler özleriniň sungat eserleri bilen gatnaşdy. Bäsleşikde Türkmenistanyň halk suratkeşi, halypa mugallym, türkmeniň haly dokamak sungatynda täze ugry esaslandyryjy Ada Gutlyýew «Berkarar we Bagtyýar» atly haly eseri bilen ýeňiji boldy. Bu eser şekilli halylara degişli bolup, atyň keşbi haly gölleri bilen utgaşdyrylyp, tebigat dünýäsi açylyp görkezilýär.

Şeýle hem bäsleşige ýaş nakgaş mugallym Zakirjan Babaýew «Şan-şöhrat getiren türkmen bedewi» atly nakgaş eseri bilen gatnaşyp, ýeňiji boldy. Taryhy wakalary, belli şahsyýetleriň gahrymançylykly keşplerini, türkmen milli däp-dessurlaryny, tebigatymyzyň gözel künjeklerini, bagtyýarlyk we galkynyşly döwrümizi, medeni mirasymyzy wasp edýän bu eser durmuşy wakany açyp görkezýär. Suratkeşiň eserindäki gahrymanlaryň ýüz keşplerinde, hereketlerinde watansöýüjilik, gahrymançylyk, ugurtapyjylyk häsiýetlerini görmek bolýar. Amaly-haşam sungatynyň zergärçilik eserleri boýunça ýaş zergär mugallymy Şirin Gylyjowa «Türkmen bedewiniň waspy» atly at şaý-sep toplumy bilen ýeňiji boldy.

Şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk hünäri boýunça bilim alýan heýkeltaraşlyk kafedrasynyň talyby Kerim Soltanow hem özüniň «Behişdi bedew» atly eseri bilen heýkeltaraşlyk ugry boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok