Golaýda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde boldular. Alymlar Russiýanyň kitaphanalarynda hem-de golýazma gorlarynda saklanýan türkmen edebiýaty we taryhy boýunça çeşmeler bilen tanyşdylar.
Alymlar saparyň çäklerinde golýazmalary, mikrofilmleri we eserleriň elektron nusgalaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky taryhy maglumatlar barada barlag-gözleg işlerini geçirdiler.
Türkmen alymlary Moskwada we Sankt-Peterburgda tanymal rus alymlary, taryhçylary, gündogarşynaslary, kitaphana we muzeý hünärmenleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olar Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň esasy ylmy işgäri T.A.Anikeýewa bilen duşuşdylar we institutda saklanýan golýazmalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem ýurduň iň uly medeni-magaryf merkezi bolan Gündogar döwlet muzeýine baryp gördüler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Sankt-Peterburgda Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogaryň ýazuw ýadygärliklerini toplumlaýyn öwrenmek ulgamynda ylmy-barlag instituty bolan Gündogar golýazmalary institutynyň golýazmalar ýygyndysy bilen tanyşdylar, şeýle hem Russiýanyň Milli kitaphanasynda, Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň kitaphanasynda, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň maddy medeniýet taryhy institutynda, Diniň taryhy döwlet muzeýinde saklanýan golýazmalary öwrendiler. Şeýle hem olar Russiýanyň etnografiýa muzeýiniň Kawkaz, Orta Aziýa we Gazagystan bölüminiň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar, bu ýerde alymlar muzeýiň türkmen taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Ylmy-döredijilik sapary netijesinde türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň birnäçe nusgasy, şeýle hem türkmen edebiýaty we taryhy bilen baglanyşykly golýazmalar Türkmenistana getirildi.
Aýgül DÖWLETMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler