HNGU-da ylmy okuw maslahaty geçirildi

28-nji aprelde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalar merkezinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek barada beren tabşyrygyny hem-de Bilim ministrliginiň «Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Dünýäniň öňdebaryjy halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girmek üçin indekslenýän neşirlerde ylmy işleriň çap edilmegi boýunça tejribe alyşmak» atly ylmy okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Ylmy okuw maslahaty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli reýtingleriň hasaba alýan sanawyna goşmakda aýratyn uly ähmiýete eýe bolar.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň derejesini, olaryň işiniň birnäçe ugurlaryny göz öňünde tutup bahalandyrýan hem-de öňdebaryjylyk jemleýji sanawyny ýöredýän birnäçe abraýly halkara reýtingleri bar. Olar ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag we taslama işlerine baha bermek hem-de seljermek işini garaşsyz alyp barmak bilen, şeýle maglumatlary indekslenýän neşirlerden alýarlar. Bu neşirlere «Scopus», «Web of Science», «Science Direct» ýaly žurnallar degişlidir.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok