TDIMHGI institut tapgyrynyň «gerçek ýigidini» saýlady

Ýakynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda (TDIMHGI)  «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly bäsleşigiň institut tapgyry geçirildi.

Oňa institutyň talyp oglanlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji şertinde, talyp ýigitler özleriniň hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen beýan etdiler. Ýaryşyň ikinji şertini ýerine ýetirmek bilen, bäsleşige gatnaşyjylar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» bilen baglanyşykda özleriniň sungata we döredijilige bolan ukyplaryny görkezmekde bäsleşdiler. Şol tapgyryň şertlerine laýyklykda, olar janly ses bilen aýdym aýtdylar, saz çaldylar, sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň üçünji şertine görä bolsa, ýigitler ýekelikde şorta sözleri aýtmakda ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Baş baýraga we institutyň «Gerçek ýigidi» adyna Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kakageldi Akmyradow mynasyp boldy. Şeýle hem, bäsleşikde birinji orny Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Hudaýberdi Rozykow, ikinji orny Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Babamyrat Guwanjow, üçünji orny bolsa Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýagşymyrat Öwezow eýelemegi başardylar.

Ýaryşda ýeňiş gazanan talyp ýigitlere we bäsleşige işjeň gatnaşanlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok