Akyl paýhas bäsleşigiň finalistleri belli boldy!

Şu gün Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň II ýarym final oýuny geçirildi.

Akyl-paýhas bäsleşigiň «Dialog-parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsüminiň II ýarym final oýuny «Siwilizasiýalaryň dialogy-adamzat parahatçylygy üçin binýatlyk esasdyr» diýlip atlandyryldy.

Bäsleşigiň esasy maksady watansöýüji ýaşlary ýüze çykarmak we ýetişdirmek, geljekki ykbalyny diplomatiýa we halkara gatnaşyklary ugrunda hünärmen bolmaga bagyşlajak aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, hem-de olarda daşary ýurt dillerine bolan höwesi artdyrmak bolup durýar.

Jemläp aýdanymyzda bäsleşigiň final tapgyryna gatnaşmaga jemi 8 sany ýaş çaparlar hukuk gazandylar. Olar:

Aýgül Sähedowa – Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy;

Azat Amansähedow – Mary welaýatynyň Sakärçäge etrabynyň ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy;

Döwletmyrat Arazow – Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy okuwçysy;

Dawut Gezerow
Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-njy synp okuwçysy;

Güljan Serdarowa – Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy;

Mekan Agahanow – Aşgabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy;

Yhlas Hallyýew – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen dilli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy;

Anwar Bekmedow – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.


Surata düşüren:
Taňryberdi MYRATLYÝEW.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok