Ylym bilen berkdir ýurduň binýady

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýär.

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň barşynda pudaga sanly ulgam ornaşdyrylýar. Soňky döwürde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça okuw sapaklarynyň üstünde işlemäge aýratyn uly üns berilýär. Täze taýýarlanan maksatnamalar usulyýetiň onlaýn ulgamyny hem göz öňünde tutmak bilen, umumy okuwlarda we amaly sapaklarda, nazaryýet bilen amalyýeti baglanyşdyrýan önümçilik tejribeliklerinde düýpli özleşdirilýär we berkidilýär. Biz talyp ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak maksady bilen, taýýarlanýan hünärleriň okuw sapaklary, hususan-da, amaly we tejribe sapaklary alyp barmak usullary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokarlanýar, iň döwrebap usullar ýola goýulýar. Bu bolsa ösüşiň tizligini, işleriň kämilligini has-da ýokarlandyrýar. Şeýle işleri alyp barmakda hünärmenleriň kämilliginiň möhümdigini bellemek gerek. Şunda ýaş nesilleriň döwrebap bilimi, ösen aň-düşünjesi baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem bilimli ýaşlary kemala getirmekde, olaryň döwrebap bilimlere eýe bolmaklarynda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini hem bellemek gerek.

Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Aýjahan DOSMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok