Ýaşlara ylym-bilim ýaraşýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesli alada bilen gurşap almak, olaryň şadyýan ösüp-ulalmagyny, geljekde ylymly-bilimli, ilhalar adamlar bolup ýetişmegini gazanmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler, giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Ajaýyp zamanamyzda durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem düýpli kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi, okuw-terbiýeçilik işlerine kompýuter we multimediýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda talyp ýaşlara berilýän bilim-terbiýe dünýä ülňülerine laýyk ösdürilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz üçin edýän ýadawsyz aladalarynyň, döredip berýän şertleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek babatda ýene-de köp işleri durmuşa geçirmek, elektron bilimiň serişdelerini ösdürmek göz öňünde tutulýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron kitaplar, elektron usulyýet beýanlar hem-de degişli usullar esasynda kämilleşdirmek babatda degişli işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimizde bilim ulgamynyň täze belentliklere çykarylandygyna soňky ýyllarda ýaş alymlaryň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň arasynda ylym-bilim babatdaky bäsleşikleriň ýygy-ýygydan geçirilýändigi, olaryň dürli derejedäki halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallaryna mynasyp bolup, ata Watanymyza dolanyp gelýändikleri hem şaýatlyk edýär.

Tawus DURDYMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok