Daşoguz welaýatyndaky atçylyk sport toplumy täze görnüşe eýe boldy!

Daşoguz atçylyk sport toplumynda düýpli döwrebaplaşdyryş işleri geçirildi. Şeýlelikde toplum täze görnüşe eýe boldy. Bu şanly waka şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Daşoguz welaýatynda bina edilen atçylyk sport toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 50 gektardan gowrak bolup, onda 3 müň orunlyk tomaşaçy münberiniň gurlandygyny bellemek gerek. Toplum dürli maksatly desgalaryň 38-sini özünde jemleýän şäherçe bolup durýar. Onda atçylyk sport ýaryşlaryny, türkmen çapyksuwarlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän çapyşyklary guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir. Şeýle hem toplumyň çäginde her biri 50 bedewe niýetlenen athanalaryň 4-si, manež, türgenleşik meýdançasy, bedewler üçin niýetlenen suw howzy, zerur bolan weterinar kömegini bermek üçin karantin bölümi bar.

Çapuw ýodasy dolulygyna täzelendi. Ol iki görnüşli çagyllaryň birnäçe gat düşelmegi arkaly berkidildi. Onuň ýokarsyndan ýokary tehnologiýaly geotekstil düşeldi. Ahal welaýatynyň çäginden getirilen kwars çägesi çapyşyk ýolunyň soňky örtügi boldy. Şunuň ýaly serişdeleriň sazlaşykly düşelmegi bedewleriň toýnaklaryna we olaryň bogunlaryna düşýän agramy peseldýär. Şeýle hem çapyşyk ýoluna düşelen serişdeleriň dykyzlygy, berkligi ýoluň uzak möhletleýin esasda ulanylmagyny şertlendirýär. Howanyň çygly wagtynda bedewleriň toýnaklarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmäge mümkinçilik berýän bu serişdeleriň ekologik taýdan arassadygyny, atlar we çapyksuwarlar üçin hiç hili zyýanly täsiriniň ýokdugyny bellemeli. Geçirilen işleriň barşynda atçylyk sport toplumynyň esasy derwezesi we germewleri döwrebaplaşdyryldy, tomaşaçylar münberleriniň oturgyçlary çalşyldy.

Döwrebaplaşdyryş işleriniň dowamynda toplumyň girelgesi abatlanyldy. Bedewleriň şekilleri oturdylan desgalaryň diwarlaryna bezeg serişdeleri ýerleşdirildi. Toplumyň dürli gatlarynda VIP münberler bar. Onuň penjirelerinde, gapylarynda, şeýle-de toplumyň dürli binalarynyň we münberleriniň gurluşygynda, bezeg işlerinde häzirki zaman serişdeleri ulanyldy, çapyşyk ýolunda LED ekranly monitor oturdyldy. Şeýle hem toplumyň ähli çägi abadanlaşdyryldy, gök zolaklar döredildi. Bu ýerde köp sanly güller, dürli görnüşli agaç nahallary oturdyldy, çapyşyk ýolunyň içki tarapynda tutuşlygyna gök zolak döredildi.

Daşoguz atçylyk sport toplumynda guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus bolan giň gerimli hem-de bezegli häsiýete eýe boldy. Baýramçylyga gelen köp sanly myhmanlar welaýatyň belli estrada artistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, tans we folklor toparlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlary bilen garşylanyldy.

Nobatdaky möwsümiň açylýandygyny alamatlandyrýan çapyşyklaryň maksatnamasy boýunça 8 çapyşyk geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýetginjek we halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda gyzykly bäsleşikler guraldy.

Soňky alty çapyşygyň hemmesiniň menzili 1 müň 800 metr boldy. Bu çapyşyklarda dört we ulyýaşar bedewler bäsleşdiler. Oňa ýurdumyzyň her welaýatyna hem-de Aşgabat şäherine degişli bolan bedewler gatnaşdyryldy.

Jemleýji çapyşyga ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Bije esasynda bu gezekki ýaryşa gatnaşjak bedewler seçilip alyndy. 1 müň metr aralyk boýunça guralan çapyşykda Mary welaýatyndan çapyksuwar B.Rozyýewiň çapan Edepli atly bedewi birinji gelmegi başardy. At çapyşyklarynda ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda degişli baýraklar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Baş baýraga — Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy bolan «Toyota Land Cruiser» ýeňil awtoulagyna jemleýji bäsleşigiň ýeňijisi, halypa çapyksuwar B.Rozyýew mynasyp boldy.

Çeşme we suratlar: Türkmenistan Altyn asyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok