At çapmaz, bagt çapar

Nesilbaşymyz Oguz han ogullaryna: «Ogullarym! Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň! Birinjisi — Watany, ikinjisi — ata-enäni, üçünjisi bolsa — aty» diýip wesýet edipdir. Bu mysal gamyşgulak bedewlerimize irki döwürlerden bäri belent sarpa goýulýandygyny, türkmeniň bedewini iň gymmatly baýlyklaryň hatarynda görýändigini aňladýar.

Halkymyzyň milli buýsanjyna we baýlygyna öwrülen gymmatlyklarynyň içinde ýyndamlykda, çalasynlykda, çydamlylykda, duýgurlykda we owadanlykda älem-jahany özüne bendi eden ahalteke bedewleri aýratyn orny eýeleýär. Türkmen öz atynyň kaddy-kamatynyň owadan, boýnunyň dik, döşüniň ýaýbaň, aýaklarynyň inçeden uzyn, bedeniniň ýüpek ýaly mylaýym bolmagy, teniniň şöhle saçyp durmagy, eýesiniň gözünden onuň niýetine düşünmegi üçin näçe yhlas, söýgi siňdirendir.

Be­hiş­di be­dew­le­riň gö­zel­li­gi, çy­dam­ly­ly­gy, asyl­ly­ly­gy, we­pa­ly­ly­gy we duý­gur­ly­gy, türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň, se­ýis­le­ri­niň, seç­gi­çi­le­ri­niň ýo­ka­ry us­sat­lyk de­re­je­si hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň Wa­ta­ny bo­lan Türk­me­nis­tan bi­len at­çy­lyk ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. 2010-njy ýyl­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len we ştab-kwar­ti­ra­sy Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň işi hem şu mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä ýaýmak, ussat atşynaslaryň sarpasyny belende galdyrmak ýaly asylly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Jeren ÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok