Milli Liderimiziň pähim akabasyndan döräp, döwet galamyndan syzylyp çykan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplarynyň sahypalarynda ýelden ýüwrük, ýyndam türkmen ahalteke atlarynyň tarypy eriş-argaç kimin geçip, asyrlaryň akymyna, heňňamlaryň heňine sary alyp gidýär. Bu kitaplar türkmen atlarynyň taryhyny öwrenmekde uly gollanma bolup çykyş edýär. Mähriban Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda hem belleýşi ýaly, Aba Annaýew öz döwrüniň ussat seýisleriniň biri bolupdyr. Ol atlar barada diýseň kän zatlar bilip, içgin gyzyklanypdyr. Taryha ser salanymyzda, Göroglynyň şahsyýeti bilen birlikde ajaýyp Gyraty hem hakydaňda janlanýar. Çünki Görogly beg öz bedew aty bilen tanalýar. «Görogly» şadessany bedew ata bolan söýginiň aňrybaş derejesidir. Eposda Göroglynyň «Perzent dilemedim, seni diledim» diýip, Gyratyna ýüzlenmegi türkmenlerde bedewleriň hormat-sarpasyny has-da aýdyň görkezýär.
Ýyndamlykda, gözellikde şan-şöhraty dünýä dolan arassa ganly behişdi bedewlerimizi köpeltmek we milli atçylyk sportuny dünýä arenasyna çykarmakda hem bimöçber uly işler amala aşyrylýar. Atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, şol ýerde baýramçylyk çäreleriniň, at çapyşygynyň geçirilmegi indi däbe öwrüldi. Şeýle bolansoň her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden hem dabaraly bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramçylygy ýokarda bellänlerimize doly şaýatlyk edýär. Şol baýramçylykda hem aýdym-sazly konsertlere, at aýlawlaryndaky ýaryşlara, atlaryň gözellik bäsleşiklerine uly orun berilýär. Bu işler hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna aýratyn täsir edýär.
Goý, gamyşgulak, alma gözli bedew atlarymyzyň aýaklary ýüwrük, ýollary şöhratly bolsun! Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň at-abraýy has-da arşa göterilsin.
Soltan MOMMADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler