Asly Hakdan halatlydyr, Türkmeniň bedew atlary!

Asyrlaryň dowamynda pederlerimiz özleriniň zähmetsöýerligi we zehini bilen bu täsin tohumy döredip, onuň arassalygyny saklap gelipdirler. Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň möçberli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Ajaýyp ahalteke bedewleri okgunly ösýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünlikleriniň nyşany bolup durýar.

Behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy we duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi hemmeleri haýran galdyrýar. Ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar.

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejede ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy atlary köpeltmek we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda güneşli Diýarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, okuw we ylmy merkezler gurlup ulanmaga berilýär. Bedewlerimiziň şanyna bellenilýän baýramyň öňüsyrasynda Arkadagly Serdarymyzyň atşynaslara hormatly atlary dakmagy başymyzy göge ýetirdi. Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda giň gerimli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Kerim ORAZMYRADOW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok