Inžener we kompýuter grafikasy boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy dersi boýunça V internet ders bäsleşigi geçirildi. Geçirilen bäsleşigiň esasy maksady, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, olary ylmy gözleglere höweslendirmekden we Türkmenistan döwletimize gerekli, ilhalar, ökde hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda netijeli işler alnyp barylýar.

Çekeleşikli hem täsirli geçen bu ders bäsleşiginde ýokary okuw mekdebimiziň bagtyýar ýaşlary, ýagny Gyzylgül Öwezmyradowa, Wepa Aşyrow, Rahimbaý Dawletow, Ogulşat Annakurbanowa we Didar Suhanow dagylar ýokary netijeleri görkezip, 3 sany I orna we 2 sany II orna mynasyp boldular. Üstünlikli çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlar degişli diplomlar we ýörite sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Şeýle bagtyýar zamanada, ýaşlara bildirilýän uly ynamyň ýyly bolan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda okamaga, ylym hem döredijilik bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok