Şu günler Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde, Marynyň Ý.Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde, Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň «Bagtyýar ýaşlar halypa ýoly bilen» atly aýdym-sazly, ussatlyk sapaklary geçirilýär.
Ussatlyk sapaklarynda halypa aýdymçy Atageldi Garýagdyýew ýaş zehinlere aýdym-saz sungatynyň inçe syrlary barada gürrüň berýär. Halypa aýdymçynyň aýdym-saz älemini bezeýän ajaýyp döredijiligi geljekki sungat ussatlarynyň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagyna ýardam edýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, Atageldi Garýagdyýewiň ýakyn günlerde Aşgabat şäheriniň hem-de Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ýörite sungat mekdepleriniň okuwçylary bilen aýdym-sazly, ussatlyk sapaklary geçiriler.
Teswirler