Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýip şygra salan we: «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini gurduk» diýip belleýär.
Öwüt-nesihata, çuňňur parasada ýugrulan setirleri bilen adamzat kalbynyň şahyryna öwrülen Magtymguly Pyragynyň jemgyýete, her bir ynsana durmuşda dogry ýol görkezýän goşgulary asyrlar aşsa-da könelmän, gaýtam, ýaňy dogan Gün ýaly şöhle saçyp, ýagşylyga, haýyr işe çagyrýar. Halkymyz üçin mert bilen namardy, halal bilen haramy, haýyr bilen şeri, ýagşy bilen ýamany ölçeýän ölçeg daşyna barabar ol setirleriň köpüsi durmuş ýörelgesine, nakyllara siňip, ebedilik hemramyza öwrüldi. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy.
Pyragynyň döredijiliginde sagdynlyga, ruhubelentlige, sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyryň şygyrlarynda ynsan saglygynyň gymmaty, ony aýap saklamak, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak barada düýpli pikir ýöredilýär. Şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň nukdaýnazaryna gabat gelýändigi bolsa, şahyryň Hakdan içen zehinini subut edýän ýagdaýlaryň biridir.
Goý, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň döreden goşgularyny, milli medeni mirasymyzyň ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Laçyn GELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler