«Dünýäde näçe sany türkmen bar bolsa, şonça-da Magtymguly bar»

«Dünýäde näçe sany türkmen bar bolsa, şonça-da Magtymguly bar» diýilýär. Bu, hakykatdanam, şeýle. Her bir türkmeniň kalbynda öz Magtymgulusy bar. Milli Liderimiziň: «Magtymgulynyň döredijiliginiň bütin durky, kalbynyň joşguny, ähli pikirleri bilen, ilkinji nobatda, türkmen halky we onuň ykbaly bilen baglydyr» diýip belleýşi ýaly, nusgawy şahyrymyzyň poeziýasynda türkmen halkyna bolan watançylyk duýgusy jeýhun kibi joşludyr. Ynha, bu beýik söýgä jogap edip hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky 2024-nji ýylda belleniljek dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna şu günlerden taýynlyk görüp ýör. Mahlasy, uly zadyň taýýarlygy hem uludan bolýar.

Deňizleriň ählisinde dür ýok, ähli daglaryň düýbünde göwher gabat gelenok. Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi beýiklik babatda gymmatbaha göwherden zyýada pähim-parasatlardan doly. Pyragynyň şahyrana dünýäsi düýbüne gözýetmez deňizdäki dürden dury hikmetlerden doly. Ol edil teşneligiňi gandyryp, ýene-de öz kenaryna çekip duran behişdi zülal suwlara meňzeýär. Onuň hassa göwünleri galkyndyrýan tebip demli sözleri, döwletiňi artdyrýan keramat nazarly hikmetleri, pirleriň, pygamberleriň, enbiýalaryň ak patasy siňen jümleleri müň derdiň dermany. Adamzadyň ruhy päkligini has-da lowurdadyp duran bu setirler haýsy ýaşda, haýsy ömürde okasaň hem, özüne bendi edip dur. Ol ruhy gymmatlygyň sözlere öwrülip, kitaplara siňip, maddy gymmatlyga öwrülendiginiň bir nyşanydyr.

Magtymgulynyň şygyrlaryndaky duýgular, umytlar, umuman, oý-pikirler hiç mahal könelmeýär, sebäbi olar halkyň durmuşyny beýan edip, şahyryň sap ýüreginde gaýnap çykan sözlerdir. Çünki Magtymguly Pyragy adamzat köňlüniň şahyrydyr.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň şöhratly taryhyndaky beýik şahsyýetlerini öwrenmekde, olary dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýär. Şeýle hem nusgawy şahyrlarymyzyň döreden eserlerini, goşgularyny nesillere ýetirmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Beýik akyldaryň döredijiliginiň ýaş nesle giňişleýin öwredilmegi olary ata Watana, ulus-iline, geçmiş pederlerine, gahrymanlaryna bolan söýgüsini artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Magtymguly Pyragynyň ajaýyp pikirleri ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, il-güni, Watany söýmegi öwredýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary ynsan halkyny nurlandyrýan ruhy hazynadyr.

Merjen DURDYMUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok