Magtymguly Pyragynyň söz mirasy aýratyn bir dünýä. Edil adaty dünýäden ynsan durmuşyna dahylly ähli wakany, hadysany tapyp bolşy ýaly, onuň eserlerinden hem ynsan ömrüne degişli barça pursatlary, inçelikleri, pynhanlyklary, täsinlikleri tapyp, duýup bolýar. Şahyryň sözleri ählimiz üçin hem gymmatly. Sebäbi onuň setirlerinde biziň üstünliklerimiziň esasy gönezligi bolan ruhubelentlik hakynda, umytdan düşmezlik, ertiriňe, geljegiňe ynam bilen garamak hakynda ajaýyp setirler bar.
Magtymguly Pyragy her sözüni manylar bilen bezäp, ýüreklerde orun aldy. Şu ýerde, ilki bilen, söz diýilýän zadyň gudraty hakda aýdyp geçesim gelýär. Söz — ynsanyň ruhuna täsir edýän ilkinji keramatdyr. Sözüň gadyr-gymmaty, keramaty hakynda aýdylmadyk zat ýok. Älemdäki zatlaryň, durmuşymyzdaky üstünlikleriň we şowsuzlyklaryň aglabasy biziň jaýdar we ýerliksiz sözleýän sözlerimiz arkaly başyňdan inýär. Sazlaşykly sözler bilen aýdylýan zatlar, gury aýdylýan sözlerden ýiti täsir edýär. Olar edil biziň dünýämizi jadylap, özüne bendi edip, kökerip goýýar.
Aşgabadyň ilersinde, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň hormatyna onuň uly heýkeli dikeldilýär. Bu heýkeliň bina boljak ýerinden gözel paýtagtymyzyň belent binalary asmandaky Günüň tyllaýy şöhlesinden nurlanyp, has-da ajaýyp görünýär. Bu ajaýyp görnüşi synlap duran adamyň serine Pyragynyň şu setirleri geljekdigi ikuçsuzdyr:
Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.
Ogulmaral BAÝRAMMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler