Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Siril Ramafosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Günorta Afrika Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok