Sanly ulgamyň mümkinçilikleri – geljekki ösüşleriň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy bilen rowaçlanýan zamanada, ýurt berkararlygynda hem il-günümiziň agzybirliginde ähli ugurlar babatda gazanylýan oňyn ösüşler bagtyýar günlerimize ýaraşyk berýär. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty barha artyp, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak we kämilleşdirmek arkaly giň gerimli ösüşlere eýe bolunýar. Eziz ýurdumyzda bu ugurda kabul edilen Konsepsiýalarda we maksatnamalarda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň möhüm wezipeleri we ony amala aşyrmagyň ugurlary öz beýanyny tapýar.

Häzirki döwrüň talaby bolan sanlylaşdyrmagyň baş maksady täze döwrebap sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly oňyn ösüşi gazanmakdan, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen doly derejede üpjün etmekden ybaratdyr. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ylym-bilimden gory ýetik bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap derejede okamagy, ylym hem döredijilik bilen meşgullanmagy hem-de geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çünki ylymly hem ussat, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp bilýän ýaş nesiller döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyrjak, ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirjek ogul-gyzlardyr. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna deň laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi açylýar. Bu kämil hem döwrebap bilim desgalary, ylymly nesilleri, kämil hünärmenleri taýýarlamakda möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň dürli daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerini gazanmaklyk sanly ulgama içgin aralaşmagyň möhüm şertidir.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna sanly serişdeleriň ornaşdyrylmagy, bilim ojaklarynda hem bilim edaralarynda sanly bilim portallarynyň döredilmegi bilim işgärleriniň hem talyp ýaşlaryň bu ugurdaky mümkinçiliklerini has hem artdyrdy. Sanly ulgamyň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda sanly ulgama uýgunlaşmagyň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, ähli raýatlarymyza, hususan hem ýaşlara okamaga, döretmäge, ylmy açyşlary, tehnologik täzelikleri, oýlap-tapyşlary alyp barmaga giň mümkinçilikler açyldy hem-de bu babatda giň goldawlar yzygiderli berilýär. Milli Liderimiz Eziz Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylyp, has hem döwrebaplaşdyrylmagy üçin alyp barýan maksatnamalaýyn işleriniň gerimi barha giňeýär. Türkmenistan diýarymyzda alnyp barylýan şeýle köpugurly döwlet ähmiýetli, ýurt bähbitli döwletli tutumlar, asylly işler her birimizi , şol sanda biz – bilim işgärlerini yhlasly zähmet çekmeklige, halal işlemeklige ruhlandyryp, ata Watanymyza, bagtyýar zamanamyza bolan guwanjymyzy has-da goşalandyrýar. Şeýle ajaýyp zamanada bagtyýar halkymyzy abadançylyga, bagtyýarlyga besleýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, döwlet ähmiýetli beýik işleri ýeňişli menzillerde rowaçlyklara beslensin!

Ogulnur SOPYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok