Ýüpekçiler üçin jogapkärli möwsüm dowam edýär!

Şu günler ýüpekçileriň durmuşynda jogapkärli möwsüm dowam edýär. Oba zähmetkeşleri paýlanan ýüpek gurçuklaryny degişli kadalara laýyklykda iýmitlendirmek we olardan ýokary hilli piläni öndürmek ugrunda yhlasly işleýärler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri bolsa, ýüpekçi kärendeçileriň armasyny ýetirip durýarlar.

Şu ýyl resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2023-nji ýylda 2300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 440 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Bu belent maksada ýetmek üçin ýüpekçiler ideg işleriniň hiline we derejesine uly ähmiýet berýärler. Ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk idetmekde etrabyň oba zähmetkeşleriniň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok