Informatika dersi boýunça I halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, Ýewraziýa sebitiniň we ň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny birleşdirmek maksady bilen türkmen we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça I halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi.

Olimpiada ondan gowrak döwletden 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 500 töweregi wekil gatnaşdy. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasy, Belarus, Hytaý, Azerbaýjan, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Ermenistan, Rumyniýa, Germaniýa we Türkmenistan bar.

Ýakynda has ukyply ýaşlaryň toparyny ýüze çykarmaga ýardam etjek beýleki dersler boýunça hem şular ýaly ýaly halkara olimpiadalary geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistandan bu olimpiada 23 ýokary okuw mekdebinden 170 talyp wekilçilik etdi. daşary ýurtly gatnaşyjylaryň jemi sany 250 adam töweregi boldy.

Halkara açyk internet olimpiadasy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň IT hünärmenleri we mugallymlary tarapyndan işlenip düzülen «Moodle» platformasynda geçirildi. Bu platforma gatnaşyjylary hasaba aldy, olar üçin ulgama girmäge login we parol döredip berdi, meseleleri ýükledi. Meseleler bölümler boýunça berildi: ulgamlaýyn programmalaşdyrmak, obýektiw-orintirlenen programmalaşdyrma, ikileýin kodlaşdyrma we maglumaty ölçemek, kompýuter grafikasy.

Enejan BABAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok