Giňdir dünýä – geňdir dünýä

  • Fransiýanyň paýtagty Pariždäki meşhur Eýfel diňiniň gurujysy Gustaw Eýfel 1832-nji ýylyň 15-nji dekabrynda dünýä inipdir.
  • Afrikanyň iň beýik dagy Kilimanjarodyr.
  • Tibetdäki (Hytaý) Bamda aeroporty deňiz derejesinden 4334 metr belentlikde ýerleşýär.
  • Türkmenistanyň çäginde düzümi we peýdalylygy babatda ähmiýetli mineral suwlaryň 300-den gowrak çeşmesi bardyr.
  • Germaniýanyň Kil kanalynyň boýunda ýerleşýän täsin oturgyjyň uzynlygy 501 metre barabardyr. Onuň üstünde birbada ýüzlerçe adam oturyp bilýär.
  • Dünýä belli «Ford» şereketi ilkinji awtoulagyny 1903-nji ýylda öndüripdir.
  • Moskwa (Russiýa) metrosyndan bir günde ortaça 7,27 million ýolagçy peýdalanýar. Bu görkeziji käwagtlar 9 milliondan hem geçýär.
  • Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky 6-7 müň metr çuňlukda ýerleşýän patlawuklaryň palçyklarynyň düzüminde ýaşy 120-130 million ýyla baryp ýetýän hek maddalarynyň gatlaklaryna gabat gelinýär.
  • Beýik Britaniýada 40-dan gowrak uniwersitet bolup, şolaryň iň irileri hasaplanýan Oksford we Kembrij degişlilikde XII-XIII  asyrlarda döredilen ýokary okuw mekdepleridir.
  • Türkmen gawunynda gandyň mukdary 12-18 göterime, üzümde bolsa 20-25 göterime deňdir.

Serdar ARÇAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok