Gymmaty egsilmejek genji-hazyna

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy içgin öwrenmäge we dünýä ýaýmaga gönükdirilen asylly işler dowamat dowam bolýar. Şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimiz, olaryň bitiren beýik işleri, bize miras goýan ýol-ýörelgeleri belentde sarpalanýar. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy hem ähli döwürleriň hem nesilleriň beýik şahyry bolmak bilen, hiç wagt gymmaty egsilmejek döredijiligi miras goýdy. Pyragynyň many-mazmunly eserleri, şygyrlary türkmen halkynyň gadymy baý halk döredijiligidir. Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda agzybirligi, halallygy, zähmetsöýerligi, bilimli bolmagy öňe sürüpdir. Türkmenleriň bir döwlete birikmek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak baradaky pikirleri şahyryň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly öz döredijiliginde ata Watan, il-gün, onuň erkinligi, özbaşdaklygy baradaky asylly umytlaryny, isleglerini ussatlyk bilen beýan edipdi. Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen halky agzybirlige çagyrypdyr.

Çünki dana akyldar parahat hem özbaşdak durmuşy, agzybirligi asuda ýaşaýşyň kepili hasaplapdyr. Eziz Watana, öz topragyňa, halka wepaly bolmagy, päk ahlakly ýaşamagy uly beýiklik hasaplapdyr. Watansöýüjilik baradaky şygyrlar hem şahyryň döredijiliginiň esasy meseleleriniň biri bolup, «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Türkmen binasy», «Ili gözlär» ýaly ençeme şygyrlary döredipdir. Çünki şahyr edermen hem mert ynsanlaryň, watançylaryň halkyň esasy bölegini düzýändigine düşünipdir. Şahyryň goşgulary ýaş nesli milli hem sagdyn ruhda terbiýelemekde wajyp ugurlaryň biri bolmak bilen, şahyr öz döredijiliginde nesil terbiýesiniň möhüm meselelerine bagyşlanan çuň manyly pelsepewi pikirleriň üsti bilen durmuş wakalaryna ýüzlenipdir. Magtymguly Pyragy döwlet berkararlygynyň binýadynyň berk bolmagynyň halkyň ylym-bilim derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna düşünipdir. Beýik söz ussadynyň ylym-bilimi şöhlelendirýän, onuň ähmiýetini açyp görkezýän ençeme şygyrlary hem şaýatlyk edýär. Dana akyldaryň şygyrlary her bir ynsany, ýaşlary päk ahlaklylyga, ýagşylyga, watansöýüjilige çagyrýar, birek-birek bilen sylag-sarpaly, agzybir bolmaklygy ündeýär. Şonuň üçin hem beýik söz ussadynyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan baý döredijiligi, ajaýyp şygyrlary nesil terbiýesinde gymmaty egsilmejek genji-hazynadyr.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok