Şöhraty synmaz bedew

Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewleriniň şan-şöhraty türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny pähim-paýhasy, irginsiz yhlasy bilen dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň  ýolbaşçylygynda has-da ýaýbaňlandyrylýar. Özüniň akyllylygy, mertligi bilen dünýä ýüzüni haýrana goýýan ahal-teke bedewleriniň hormatyna bagyşlanyp her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bedew baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, Diýarymyzyň ähli künjeginde bellenilip geçilýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň gurnamagynda bu bilim ojagynyň kaşaň binasynyň öňünde halkymyzyň göz guwanjy bolan ganatly bedewleriniň hormatyna bagyşlanyp aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Ýokary guramaçylykda geçirilen bu dabara bilim ojagymyzyň professor mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlary, welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň geçýän giň meýdançasynda owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen ahal-teke bedewleriniň dürli esbaplarynyň, dürli ölçeglerde çekilen suratlarynyň, dürli temalara degişli kitaplaryň, milli gymmatlyklarymyzyň asyl nusgalarynyň sergisiniň guralmagy dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. 

Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabaranyň dowamynda ýaňlanan  hoş owazly aýdym-sazlarda, döwrebap tans eserlerde Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan belent maksatly işleriniň, eziz Watanymyzyň ösüşli menzilleriniň, halkymyzyň gazanan päk üstünlikleriniň, türkmen bedewleriniň gözelliginiň olara goýulýan belent sarpanyň waspy uly joşgun bilen beýan edildi. Bu ýerde görkezilen her bir döwrebap çykyş dabara baran adamlara ruhubelentlik paýlap, çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Şeýle-de bagtyýar adamlar türkmen bedewleriniň ideg edilişi, seýislenilişi, saklanyş şertleri dogrusynda täsirli gürrüňleri edip, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren gymmatly kitaplarynyň terbiýeçiligi dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan belent maksatly işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar!

Näzli ALYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok