Parohodyň taryhy

«Oduň güýji» ýa-da «Alawyň güýji» bilen ýöreýän mehanizm ýasamak pikiri 1736-nji ýylda Jo Guls tarapyndan teklip edilipdir. Ol Nýukomeniň bug maşyny bilen gämini hereketlendirip boljakdygy baradaky işi üçin patent alypdyr.

Fransuz alymy Fulton bug bilen hereketlenýän gämi-parohody ýasamak mümkinçiligini Napoleona düşündirmek üçin köp güýç sarp edipdir. Oýlap tapyjy Napoleon La-Manş aýlagyny eýelemek maksady bilen uruş edýän wagty onuň huzuryna gelipdir. Napoleon ony diňlese-de, oňa ynanmandyr. Ol öz egindeşlerine: «Bu akmak adam gämini gaýnan suw bilen ýöredip bolýar diýip meni ynandyrjak boldy we menden uly pul sorady» diýip aýdypdyr.

Fulton Amerika gidipdir we 1807-nji ýylda «Klermont» diýen parohody ýasap, Amerikanyň Gudzon derýasynda ony synagdan geçiripdir. Ýewropada birinji parohod 1812-nji ýylda peýda bolupdyr. Bu parohodlaryň tizligi örän kiçidi.

1839-njy ýylda şwed oýlap tapyjysy Erikson tigirleriň ýerine wintden peýdalanmagy teklip edipdir. Wintli parohodlaryň tizligi uly bolupdyr. 

Serdar TATOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok