Ýokary synp okuwçylaryň arasynda ders olimpiadasy geçiriler!

Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny ösdürmek konsepsiýasynyň we ýurdumyzda tebigy we takyk ylymlaryň okadylmagyny kämilleşdirmek konsepsiýasynyň wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda Olimpiadalar dersleri çuňňur bilýän we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmäge ukyply zehinli ýaşlary aýan etmek, okuwçylaryň akyl-paýhas işjeňligini höweslendirmek, takyk we tebigy ylymlary çuňňur öwrenmäge höwesjeň has zehinli we başarjaň uly synp okuwçylaryny ýüze çykarmak, şeýle hem milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň çalt depginlerde ösýän şertlerinde geljekki hünärmenleri kemala getirmek maksady bilen Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň uçurym synplarynyň okuwçylarynyň arasynda fizika, himiýa, matematika we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersleri boýunça olimpiadalar başlandy.

Olimpiadalar üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilýär. Olimpiadalaryň her biri iki tapgyrda geçiriler. Olimpiadalaryň birinji tapgyry onlaýn görnüşde, ikinji tapgyry okuwçylaryň bäsleşige gatnaşmagynda guralar. Birinji tapgyrda iň gowy netijeler görkezenler we has köp utuk gazananlar ýaryşyň ikinji tapgyryna gatnaşyp bilerler.

Birinji olimpiadalaryň hatarynda ýokary synp okuwçylary üçin fizika boýunça olimpiada başlandy. Bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşyjylar üçin mekdep okuw maksatnamasyndan fizika boýunça meseleler taýýarlanyp, olary çözmäge 120 minut (2 sagat) wagt berildi.

19-njy we 20-nji aprelde matematika we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalaryň birinji tapgyry geçiriler.

Abdykerim SÜLEÝMANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Rahat

Birinji tapgyryň nejisei hacan belli bolya