Ene – tutuş zeminiň durky, görki hem örki. Ene – tarypyna söz ýetmez beýiklikdir. Çünki eneleriň barynda älem-jahan bagtyýar. Eziz ýurdumyzda zenan mertebesi belentde sarpalanýar, mährem enelerimize uly hormat goýulýar. Merdana halkymyz ähli döwürde hem zenan maşgalany mukaddeslik derejesinde arzylap gelipdir. Ene mukaddesligine ebedi uýýan milletimiz zenany milletiň ýüzüniň tuwagyna, ar-namysyna deňäpdir. Dana pederlerimiz eýýäm çagalykdan başlap, gyz maşgalasynyň edep-terbiýesine, ekramyna, el hünärine aýratyn üns beripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasady bilen gülleýän ýurdumyzda mährem zenanlar ähli ugurlarda zähmet çekmek bilen, gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Türkmen jemgyýetinde zenana hemişe aýratyn hormat goýulmagy, zenanlaryň deň hukuklylygynyň üpjün edilmegi mährem enelerimize, zenanlarymyza, gelin-gyzlarymyza döredijilikli zähmet çekmäge, okamaga, abadan durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredýär. Milli Liderimiz Eziz Arkadagymyz: «Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir» diýmek bilen, örän jaýdar belleýär. Türkmenistan Watanymyzda täze taryhy eýýamda ata Watanymyzyň milliligini, ruhy gymmatlyklaryny, parasatly däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny mynasyp dowam etdirýän enelerimiziň milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan, sazlaşykly ösýän ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde bitirýän işleriniň ähmiýeti örän uludyr.
Ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belende galdyrmakda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler mährem zenanlarymyzyň kalplaryny çäksiz buýsanja besleýär. Hut şonuň üçin, dünýäniň durkuna, görküne hem örküne deňelýän eziz enelerimiz, mährem zenanlarymyz, edep-ekramly gelin-gyzlarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy tüýs ýürekden alkyşlaýarlar! Goý, dünýämiziň bezegi hem diregi eziz enelerimiz hemişe bagtyýar bolsun!
Älemjahan AŞYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler