«Sagdyn bedende, sagdyn ruh-2023» şygar astynda geçirilen sport bäsleşigi

2023-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenbaşy şäheriniň «Salkyn Kenar» seýilgähinde «Dana» bilim merkeziniň gurnamagynda «Sagdyn bedende, sagdyn ruh-2023» şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda bäsleşikler geçirildi.

Esasan hem sportuň stol tennisi görnüşi boýunça geçirilen bäsleşik has çekeleşikli boldy. Bu bäsleşige «Dana» bilim merkeziniň we «Salkyn Kenar» seýilgähiniň türgenleri, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdepleriniň 15-si gatnaşdy. Bäsleşik çärýek, ýarym, final tapgyrlaryndan ybarat bolup, netijede «Dana» bilim merkeziniň we Türkmenbaşy şäherindäki 5-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň türgenleri aýratyn tapawutlandylar.

Belläp geçsek, bu bäsleşikleriň geçirilmeginiň esasy maksady ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty giňden ornaşdyrmak, mekdep okuwçylaryň arasyndaky dostlugy artdyrmak we olarda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bolup durýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok