Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Milli neşir «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýakynda geçirilen guramaçylyk mejlisinde 2024 – 2026-njy ýyllar döwri üçin Türkmenistan BMG-nyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna kabul etmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Agzalyga saýlanmak bilen Türkmenistan bu guramanyň alyp barýan we durmuşa geçirýän işlerine syn bermäge, onuň syýasatyny, ýurt boýunça maksatnamalaryny hem-de olaryň maliýeleşdirilişini tassyklamaga gatnaşmaga hukuk gazanýar. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýän Türkmenistan ÝUNISEF-niň işine goldaw berýändigini ýene bir ýola tassyklaýar. Türkmen hökümeti çagalaryň hukuklaryny goramakda we gaznanyň işini utgaşdyrmakda giň mümkinçilikden peýdalanar.

Ogulhan SÄHEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-nyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok