Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun aldy. Dana Pyragynyň çoh garaşan ajaýyp eýýamy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hasyl boldy.
Magtymgulyny bütin ömrüňe okanyňda hem onuň paýhas çuňlugyna akyl ýetirer ýaly däl bolsa gerek. Çünki munuň üçin setirleriň aňyrsyndaky manylary aňlamak zerurdyr. Munuň üçin Magtymgulynyň özleşdiren ähli ylymlaryndan, okan eserlerinden, eden syýahatlaryndan habarly bolmaly. Gündogar dillerini suwara bilmeli. Şu kämillige ýeteniňden soňra Magtymgulyny öwrenmäge synanyşyk etmek mümkin.
Magtymguly özünden öň ýaşap geçen Baýezid Bistamy, Ferideddin Attar, Abuseýit Abul Haýyr, Abdyrahman Jamy, Nowaýy, Jelaleddin Rumy, Saady, Ferdöwsi… ýaly köp sanly beýik şahsyýetleriň döredijiliginden habarly bolupdyr. Muny «San bolsam» atly goşgusynda atlaryny getirýän beýik şahsyýetleriň mysalynda hem görmek bolýar. Magtymgulynyň Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanamasyndan» habarly bolandygy gürrüňsiz. Sebäbi, ol Rüstem Zalyň adyna köp ýerde ýüzlenýär.
Magtymgulynyň döredijiliginde diňe bir edebi çeper eserlerdäki wakalaryň beýany däl, eýsem, öz döwrüniň taryhy wakalary bilen bagly maglumatlar hem duşýar. Şeýle bolansoň, Magtymgulynyň döredijiligine göz ýetirmek üçin onuň ýaşan döwrüniň taryhyny, oňa elýeterli bolan edebi, ylmy, taryhy eserleri çuňňur öwrenmek ilkinji zerurlyk bolup durýar.
Uzukjemal GARAJAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler